Berekede beslenen ýyl

4 Ýanwar 2021
2089

Kerwen gurap gelýän ýyllar döwleti bilen gelýär. Tamamlanan 2020-nji ýylymyz — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýylýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik tutumly işler amal edildi. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlandy. Ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýän ýurt hökmünde dünýä äşgär edildi. Ýurdy ösdürmekde kabul edilen maksatnamalar abraý bilen berjaý edilýär. Merdana halkymyza şanly wakalary getiren geçen ýylymyz şatlykly, rysgal-bereketli, iň bir düşümli, ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda amal edilen beýik işler buýsanç bilen bellärliklidir. Mähriban Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda maksada okgunly beýik işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleri uly rowaçlyklara beslendi. Müňlerçe ildeşlerimiz täze jaýlaryň toýlaryny toýlady. Gözel Diýarymyzyň ähli künjekleri tanalmaz derejede özgerip, ýurt uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar guruldy. Ylmyň-bilimiň, tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde maksada okgunly işler durmuşa geçirildi. Şu babatda dünýäniň öňdebaryjy gazananlary üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Ylym-bilim ulgamy sanlylaşdyrylyp, uly üstünlikler gazanylýar.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.