Belent bagtymyzyň binýady

2 Ýanwar 2021
2298

Bitaraplyk aýgytly ösüşlere sary alyp barýan bagtyýarlyk ýoludyr. Bitaraplyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ajap bagtynyň özenidir. Bu dereje türkmen milletini dünýä ýüzünde belent ada, mertebä eýe etdi. Ykballarymyza şugla çaýan Bitaraplyk göterilen göwnümiziň söýesidir, geljegiň ýagşy günleriniň şamçyragydyr. Türkmen Bitaraplygy dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda görnüşi we mazmuny boýunça oňyn Bitaraplykdyr.

Bitaraplyk ýörelgeleri biziň mizemez jemgyýetimiziň berk binýady hökmünde öz syýasy gymmatyny has-da berkidýär. Tutuş dünýä Türkmenistana hemişelik Bitarap döwlet hökmünde uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän hoşniýetli syýasatlaryndan gözbaş alýan Bitaraplygymyz parahatçylyksöýüjilikli, hoşmeýilli we ynsanperwer mazmuna ýugrulandyr.

Ogul­ja­han NU­RY­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­her Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň baş hü­när­me­ni