Ussatlar zähmetinden belli

20 Noýabr 2024
234

Ol ömrüniň agramly bölegini ýaşlyk ýyllarynda saýlap alan hünärine bagyşlady. Onuň Türkmenabat şäherindäki oba hojalyk orta hünär okuw mekdebiniň agronomçylyk hünärini tamamlap, işe girişenine eýýäm 40 ýyl geçipdir. Şonça ýyl hem biobarlaghanada zähmet çekýär. Ony diňe bir etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda tejribeli biobarlaghana işgäri hem-de ökde agronom hökmünde tanaýarlar.

— Mekdepde okaýan döwürlerim barlaghananyň işine höwes bildirerdim. Gowaçaly meýdanlara altyngözlüje goýberilende, uly gyzyklanma bilen synlardym. Görüp otursam, bu täsin jandarlaryň oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramakda uly peýdasy bar eken. Ýörite hünär alyp, obamyza gelenimde kän oýlanyp durman, biobarlaghana işe ýerleşdim — diýip, Nurýagdy aga söhbetdeşlige girişdi.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Suraty düşüren Merdan ORAZOW.