Ýaglar we saglyk

20 Noýabr 2024
240

Häzirki döwürde iýmitimizde dürli ýaglary ulanýarys. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Sagdyn iýmitlenmekde ýaglaryň bolmagy hem möhümdir. Şunda olaryň görnüşine we mukdaryna üns bermeli.  Ösümlik ýaglary sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.

Künji ýagy. Künji ösümliginiň dänesinden alynýan ýagynyň peýdasy irki döwürlerden bäri bellidir. Ol halk lukmançylygynda giňden peýdalanylypdyr. Künjiniň dänesiniň 50-60 göterimi ýagdan ybarat bolýar. Künji ýagy mikroelementlere we ýag turşularyna baýdyr. Onda E we K witaminleri bardyr. Künjüdäki ýag turşulary ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr we sowuklama garşy täsiri bilen bellidir. Ol iýmitlere goşulanda, adam bedeninde ýeňil siňýär. Künji ýagy nerw ulgamynyň, beýniniň kadaly we oňat işlemegine ýardam edýär. Ýatkeşligi gowulandyrmakda, içege, bagyr kesellerinde hem künji ýagy peýdaly hasaplanylýar. Ol ganda ýaramaz holesterinleriň, şekeriň derejesini azaldýar. Deriniň we saçyň sagdynlygyny gazanmakda hem peýdalydyr.