Kädi

19 Noýabr 2024
227

Kädi saglyga peýdaly aýratynlygy hem-de lezzetli tagamly önümdigi sebäpli dünýäde iň köp ekilýän ekinleriň biridir. Her bir ekini ekmezden ozal, topragyň ekiş üçin taýýar edilmegi zerur şertleriň biridir. Kädi ekilende hem ondan bol hasyl almak üçin ilkinji şert — topragyň bu ösümligiň aýratynlyklaryna görä ekişe taýýarlanylmagydyr.

Kädi ösdürilip ýetişdirilende ynjyk bolmasa-da, onuň ösüş döwrüni gözden salmaly däldir. Ýagny, ösümlikden bol hasyl almak üçin, ekilenden soňraky tohum gögerip, tä hasyl berýänçä ideg işleri dogry alnyp barylmalydyr. Onuň üçin toprak kädiden öň ekilen ekiniň galyndylaryndan boşansoň, degişli döwür «dynç» almalydyr. Soňra kädi ekiljek ýer öňünden haşal otlardan, ekine zyýan berýän mör-möjeklerden arassalanyp, dökün bilen baýlaşdyrylmalydyr. Ösümlik ýagtyny, ýyly howa şertlerini halaýandygy sebäpli, ony ekmek üçin Günüň düşýän ýerini saýlamalydyr.

Aýbölek ÝAKUBOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.