«Durna guşy» bilen sylaglandy

18 Noýabr 2024
243

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän festiwallaryň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ählumumy parahatçylygy, halklar arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. 13 ― 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Festiwala gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldiler. Oňa hödürlenen çeper hem-de dokumental filmlere dürli halklardan bolan belli kinematograflar topary eminlik etdi.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».