Bäş reňkli derýa

12 Noýabr 2024
236

Tebigatyň ajaýyp gözelliklerine ser salanymyzda onuň täsin gurluşyna, reňkleriň özara sazlaşygyna gözümiz düşýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Emma käbir ýerleriň öwüşgini beýlekilerden aýratyn bir şekilde bölünip aýrylýar. Kolumbiýadaky Kano Kristales derýasy bolsa, köp reňkliligi bilen tapawutlanýar.

Oňa ýerli ilat tarapyndan “Bäş reňkli derýa” ýa-da “Suwuk älemgoşar” hem diýilýär. Şol sebäpli hem ol akar suwly derýalaryň arasynda iň owadany hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu akaba, iýul aýynyň ahyryndan dekabra çenli aralykda ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňklere öwrülýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuklar hem ýerleşýär. Bu derýa üç sany esasy ekoulgamyň – Amazonka derýasynyň, And daglarynyň we Gündogar Lýanos sährasynyň çatrygynda bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine hem diýseň baýdyr. Onuň töwereginde guşlaryň 420 görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 10 görnüşi hem-de süýrenijileriň 43 görnüşi duş gelýär. Derýada endemik suw otlary hem bardyr. Ini 20 metr, uzynlygy 100 kilometrlik derýanyň dürli görnüşli reňkleri onuň içindäki otlaryň reňkine görä üýtgäp durýar. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän çasly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar. Şol döwürde bu ýerdäki otlar gülläp, dürli öwüşgine beslenýärler. Häzirki wagtda “Bäş reňkli derýa” bir günüň dowamynda ýüzlerçe syýahatçylary kabul edýär. Tebigy gözellige tomaşa etmek üçin bu ýere dünýäniň dürli ýerlerinden jahankeşdeler gelýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy.