«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi

15 Noýabr 2024
262

Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanylýan üstünlikleri dünýäde wagyz etmekde guralýan döredijilik çärelerine möhüm orun degişlidir. 13 — 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Ol 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Bu döredijilik çäresiniň esasy maksady kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakdan hem-de has-da ösdürmekden, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligini türki halklarynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza türki dilli ýurtlardan, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldi. Birnäçe gün dowam eden bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guradylar.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».