Şu gün 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletlerden 70-e golaý kompaniýalar gatnaşdylar.
Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Huawei», «Nokia», «Motorola», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Space Systems International Monaco», «Cisco», «Azertelecom» ýaly kompaniýalar hem bar.