Hoş geldiň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýyly!

1 Ýanwar 2021
2432

Bagtyýarlyk eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda toýdan-toýa, belent sepgitlere barýan bagtyýar il-günümiz özi bilen egsilmez şatlyk hem-de ýokary ruhubelentlik getiren Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdy. Mälim bolşy ýaly, eşretli zamanamyzda parasatly döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda her bir täze ýyly özboluşly atlar bilen atlandyrmak ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Täze gadam basylan 2021-nji ýylymyzy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada milli Liderimiziň başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylmagy bolsa her bir türkmenistanlynyň başyny göge ýetiren buýsançly waka boldy. Munuň özi bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna, azyk howpsuzlygy, ekologiýa abadançylygy we dünýä döwletleriniň arasynda özara ynanyşmak arkaly deňhukukly dost-doganlyk hem-de özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edip gelýän hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Şonuň üçin hem täze gadam basylan ýylymyzyň buýsançly şygaryna laýyklykda, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de özara ynanyşmak arkaly dünýä ýurtlarynyň arasynda ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary berkitmekde ýurdumyzda uly göwrümli işler durmuşa geçiriler.

Täze gadam basylan 2021-nji ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň döwletimizde uly dabara bilen toýlanjak ýylydyr. Şonuň üçin hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda badalga alan şu ýylymyz hem edil geçen 2020-nji ýyl ýaly, halkymyzyň toýlarynyň toýa ulaşjak, türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri boljakdygyna ynanýarys. Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümiziň şöhratly senesi türkmen halkynyň alyn-bagtyny açan taryhy sene. Halkymyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri öz türkmenligine dolanyp, pederlerimiziň arkama-arka gelýän milli däp-dessurlaryny deňli-derejeli dowam etdirmäge, toý-baýramlaryny toýlamaga, ýerasty we ýerüsti milli baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän möhüm global meseleleriň çözülmegine öz sesini goşmaga hem-de öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmaga doly mümkinçilik aldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň ösüşleri babatynda-da şeýledir. Bu günki günde bagtyýar il-günümiz ýerasty baýlyklarymyz bolan nebit önümleridir tebigy gazyň eşretli hözirini görüp, bolelin durmuşda ýaşaýar.

Dädebaý NARTYÝEW.