Möwsümleýin näsaglykdan ägä boluň!

1 Ýanwar 2021
1919

Ýylyň gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin, ilki bilen ýyly geýinmeli, şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Munuň üçin daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy goranyş enjamy bolan agyz-burun örtüklerini öýden çykylanda hökman dakynmaly. Olary her 2 — 3 sagatdan çalşyp durmaly. Eger dokma senagatynda öndürilýän köp gezeklik örtükler ulanylýan bolsa, olary talabalaýyk arassalanandan soň, iki tarapyndan hem ütükläp dakynmaly. Örtük dakynylmazdan öň agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamak, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak maslahat berilýär.

Öý we iş otaglarynyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik etmeli. Otaglary ýelejiredip, arassaçylyk işlerini geçirip, ýyly saklamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ähmiýeti beýan edilýän üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek düzgünlerini berjaý etmeli. Lukmanyň maslahaty bilen buýan kökünden taýýarlanýan melhemlerden peýdalanmaly. Penjireleri, gapylary ýapyp, otaglarda üzärligi mazaly tüsseledip, birsalym goýmaly. Soňra penjireleri açyp, otagyň içiniň tüsse ysyny çykarmak bolýar. Bu arassaçylyk işini her günde ýerine ýetirmek peýdalydyr.

Merdan HUDAÝGULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 13-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.