Bagbançylyk bilen meşgullanýanyma 24 ýyl bolupdyr. Şol ýyllaryň aglaba bölegini ýylylygy gowy görýän tropiki we subtropiki agaçlary idetmäge bagyş etdim. Biziň kärhanamyzda ýyladyşhanalaryň birnäçesi bolup, olarda gök-miwe önümleri bilen bir hatarda limon, papaýýa, banan, zeýtun ýaly ösümlikler hem ýetişdirilýär.
Geçen ýyllarda limon, papaýýa agaçlaryny ýetişdirip, hasyl almakda baý tejribe topladyk. Ýyladyşhana şertlerinde limonyň 80, papaýýanyň 200 düýbüne ideg edilýär. Häzirki döwürde bananyň 25, zeýtun agajynyň 2 düýbi ekilip, synagdan geçirilýär. Biziň tebigy howa şertlerimize mahsus bolmasa-da, ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligimiz bolan täsin ösümliklere ünsüňizi çekesim gelýär. Şolaryň biri-de papaýýa agajydyr. Başgaça, papaýýa «gawun daragty» hem diýilýär.