«Adam görki akyl...»

13 Noýabr 2024
298

«Adam görki — akyl, söz görki — nakyl». Bu jaýdar jümle kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýagşy-ýamany saýgarmakda, azaşany dogry ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda ata-babalarymyzyň paýhasy bilen durmuşyň edep kadalaryna öwrülen nakyllaryň ornunyň örän uludygyny äşgär edýär. Parasatly pederlerimiz her bir zadyň, salamlaşmagyň, köpçülikde oturyp-turmagyň, özüňi alyp barmagyň, näsagy soramagyň, myhman garşy almagyň, goňşuçylyk edebiniň, çörek iýmegiň, geýinmegiň we özüňe timar bermegiň, şaý-sep dakynmagyň, hatda sözleýşiň hem özboluşly edep kadalaryny sünnäläp, bize nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Nakyllar geçmişiň hakydasyny, halkymyzyň durmuş tejribesini özüne siňdirip, pikir çugdamlygy, many goýazylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakyl arkaly düşündirilýän oý-pikir adamyň ýüregine jüňk bolýar, aň-düşünjesini ýiteldýär.

Pederlerimiziň: «At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan — sepini» diýen nakylyny mysal alsaň, onuň aňyrsynda giden bir many bar. Nakylda bedew atyň duýgurlygy, syzgyrlygy, eýesine wepadarlygynyň özüne hormat getirýändigi, bedewiň öz iýmini artdyrýandygy bilen birlikde durmuşa çykjak gyz maşgalanyň şaý-sepiniň, tikin-çatyn işleriniň barha artýandygy beýan edilýär. Sebäbi türkmen maşgalasynda gyz perzent eli iňňe tutmaga ýarandan oňa hünär öwredilýär. Ilki bir bölejik matanyň ýüzüne gaýma gaýadyp, keşde çekdirilýär, soňra bolsa, kiçijik halyçalar ýüwürdilip, dokma-darak tutmagy, darak kakmagy öwredýärler. Halkymyzda haly kesilende «ýene-de haly kesmek miýesser etsin!» diýen ýagşy niýet bilen ýüpi maňlaýyna daňylýar. Munuň özi, gyz maşgalanyň ýaşlykdan zähmete werdiş bolmagyna, ukyp-başarnygynyň artmagyna itergi berýär.

Feruza NURMAMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.