Mermer ördek

12 Noýabr 2024
192

Mermer ýa-da dar burunly ördek (lat. Marmaronetta angustirostris) Marmaronetta urugynyň ýeke-täk wekili. Onuň dünýäde ortaça 55 — 61 müň görnüşi bar. Şonuň üçin ol Halkara Gyzyl kitabyna girizildi we suw guşlarynyň bu görnüşini awlamak gadagan edildi. Guşuň bedeniniň umumy uzynlygy 45 santimetr, ganatyny gerende uzynlygy 25 santimetr.

Ol, esasan, kenarýaka ösümliklere baý, ýalpak, dury suwlarda ýaşaýar. Sebäbi bu guşlar suwdan iýmitlenýärler. Ol suwda ýüzüp barýarka suwa çümende, suwuň ýüzünde diňe guýrugynyň ujy görünýär. Köplenç ownuk mollýuska we suwdaky mör-möjekleri, balyklary tutup iýýär. Haçan-da suw howdanlary doňup, zerur iýmit ýetmezçilik edende, guşlar iýmite has baý bolan ýyly ýurtlara göçýärler. Bu guş agaçlaryň şahalarynda oturmagy, daş-töweregi synlamagy gowy görýär. Höwürtgesini gury otlardan agaçlaryň üstünde gurýar. Mermer ördek Ýewropanyň günorta sebitlerinde ýaşaýar. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa jülgelerine-de giňden ýaýrandyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merjen AKYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.