Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlaryny, beýik işlerini mynasyp hem üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan ýer, suw, dökün, tohum hem-de tehnika babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz, oba hojalygy boýunça iş alyp barýan hususy düzümler ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, dürli görnüşli miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Olar Hasyl toýuna hem mynasyp zähmet üstünlikleri bilen geldiler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz her hepdede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen geçirýän iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalygy boýunça alnyp barylýan möwsümleýin işleriň, amala aşyrylýan özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar. Şunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygy hem-de uly ähmiýete eýedigi barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi bugdaýdan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridir. Ýurdumyzyň ilatynyň deň ýarysyndan gowragynyň oba ýerlerinde ýaşaýandygy nazara alnanda-da, oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Diýarymyzda Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, şol sanda azyk howpsuzlygyny berkitmekde näderejede uly ähmiýete eýedigi düşnüklidir.