Hasyl toýy ― rysgal-berekediň toýy

7 Noýabr 2024
317

6-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Hasyl toýy ― berekediň gözbaşy» atly dabara geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýy baýramçylygyna bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.

Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalygyndaky öňegidişlikler, önümçilikde öňdebaryjylaryň gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri barada giňişleýin durlup geçildi. Ykbalyny daýhançylyga baglan zähmetkeşleri baýramçylyk bilen gutlap, saçaklarymyzda bereket bolçulygyny döredýän babadaýhanlaryň hormatyna ussat aýdymçydyr-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza buýsançly owazlar joşgunly ýaňlandy.

Berdimyrat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.