Babadaýhan etrabynyň gallaçylary täze ýylyň hasyly üçin 30 müň gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinýärler. Irki ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwunyň berilmegi bilen ýaşyl begrese beslenip ugran ýaşajyk maýsaly meýdanlar kärendeçi daýhanlaryň göwnüni göterýär. Şu günki oňat idegiň ertirki bol-bereketli hasylyň kepili bolup durýandygyna gowy düşünýän gallaçy daýhanlar ýaşajyk maýsaly meýdanlary turuwbaşdan alada bilen gurşadylar. Gyzgalaňly dowam edýän ideg işlerinde etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler.
— Täze ýylyň hasyly üçin daýhan birleşigimiz boýunça 2300 gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseiç» görnüşini ekmegi meýilleşdirdik. Ekişden soň, gögeriş suwuny tutýan ýerlerimiz ýaşyl öwsüp bizi begendirýär. Biz her bir işde öňdebaryjylarymyza daýanýarys. Olar bolsa daýhan birleşigimizde barmak basyp sanardan köp. Geçen ýyl kärende ýerinden 35-40 sentnerden, hatda ondan hem köp hasyl alan zähmetsöýer kärendeçilerimizden Parahat Durdyýew, Altyn Atageldiýewa, Annamuhammet Myratberdiýew, Mekanmuhammet Amanberdiýew, Amangül Ataýewa, Kerwen Mämmäýew dagynyň atlaryny agzamak has-da ýakymly. Olar şu günler ýaşajyk maýsalara ideg etmekde hem köplere görelde bolmagy başarýarlar — diýip, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy Süleýman Çaryýew guwanç bilen aýdýar.