Üstünligiň aýdyň beýany

5 Noýabr 2024
488

Häzirki ajaýyp döwürde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň senagat kuwwaty artýar. Munuň özi ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini bellemek gerek.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde iň döwrebap desgalar, täze binalar gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, esasan hem, senagat pudaklarynyň ösüşleri, bu ugurda täze-täze desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi uly many-mazmuna eýedir. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işler ýokary derejede guralýar. Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýokary zähmet öndürijiligini gazanmakda, bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamakda tehnologiýalar bilen üpjün edilen senagat desgalarynyň aýratyn hyzmatynyň bardygy bellenmäge mynasypdyr.

Wepa BERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.