Halk lukmançylygynyň hazynasy

2 Noýabr 2024
275

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi biz — lukmanlar we tutuş türkmen halky üçin gymmatly sowgat boldy. Düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine esaslanýan eseriň nobatdaky jildiniň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi özboluşly mana eýe bolup, kalbymyzy buýsanja besledi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, aýratyn-da, lukmanlar üçin gymmatly gollanmadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi jemlenendir.

Nabat ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw ylmy-kliniki merkeziniň dogrum bölüminiň lukmany.