Zenan diýmek dünýedir

31 Oktýabr 2024
447

Onuň ýanyna baranymda, ol telefonda okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen bäsleşik barada pikir alyşýardy.

— Bu bäsleşik indi birki ýyl bäri geçirilýär. Bäsleşik ýaşlar bilen birlikde okuwçy gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan asyrlar aşyp gelýän keşdeçilik sungatyna bolan höwesi has-da artdyrdy. Şeýle bolansoň, mekdeplerdäki gurnaklara gatnaşýan gyzlaryň arasynda owadan nagyşlary keşdä geçirmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu gowy netije berdi. Golaýda bu bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyry geçirilip, ýeňijiler yglan edildi — diýip, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa gürrüňe başlady. — Bu çäräniň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň milli mirasymyza — keşde çekmeklige, jorapdyr alaja örmeklige siňdiren yhlasyny körpe nesliň gursagyna guýmakdan, olary milli ruhda terbiýelemekden ybarat — diýip, ol sözüni dowam etdi.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».