Watan küýsegi (Hekaýa)

31 Oktýabr 2024
379

Senden uzaklaşanym bäri men özümi juda ýalňyz duýýaryn. Obamy ýatlaýaryn, ýakynlarymy göresim gelýär. Ara gaty daş! Saňa ýetmek üçin müňlerçe kilometr ýol aşmaly. Özüm baryp bilmesem-de, Watan hakyndaky duýgularym kalbyma giňlik berýär. Aramyzdaky menzillere garamazdan, herdaýym, her pursat alys ilde ýalňyzlykdan üşeýän ruhy dünýämi şol barlyk bilen ýyladýaryn. Şol süýji, ýakymly pursatlar meni gaýta-gaýta ýatlamalara alyp gelýär.

Orta mekdebi tamamlan dessime, atam gündogar dillerinden ökde hünärmen bolar ýaly, ýokary okuw mekdebine okuwa synanyşyp görmegi maslahat berdi. 

Süleýman NEPESOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Drama režissurasy» hünäriniň talyby.