Geçen asyryň 1960 — 1970-nji ýyllarynda Russiýanyň konsert zallarynda, merkezi telewideniýede mahmal owazly owadan gyzyň—Edita Pýehanyň aýdýan aýdymlary tomaşaçylaryň dilleriniň senasyna öwrülipdi. Onuň ilkinji gezek aýdan «Gyzyl awtobus», «Biziň goňşymyz» ýaly aýdymlaryny uludan kiçä hemmeler gaýtalap aýdardylar. Sebäbi ol aýdymlaryň sözleri, sazy, ýerine ýetirilişi üýtgeşikdi, kalba golaýdy. Häzirki günlerde hem meşhur aýdymçy özüniň ýaşynyň togsany tegeläp barýandygyna garamazdan, ilhalar aýdymlary bilen tomaşaçylary begendirýär.
Edita Stanislawowna Pýeha 1937-nji ýylyň 31-nji iýulynda Fransiýanyň demirgazygyndaky Nuael-su-Lans kommunasynda polýak maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Stanislaw Pýeha, erkek dogany Pawel şahtaçy bolup işleýärdiler, olar ir merhum bolýarlar. 1946-njy ýylda Edita ejesi bilen Polşa gaýdýarlar, ol şol ýerde ýediýyllyk mekdebi, soňra mugallymçylyk liseýini tamamlap, başlangyç synp mugallymy bolup işleýär. 1955-nji ýylda ykbalyň emri bilen ol Sowet Soýuzyna okuwa iberilýär. Ol Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) döwlet uniwersitetiniň filosofiýa fakultetiniň psihologiýa bölümine okuwa girýär. Leningrad konserwatoriýasynyň talyby Aleksandr Bronewiskiniň ýolbaşçylyk edýän polýaklardan düzülen hor toparyna goşulýar. Soňra «Lipka» ansamblynda çykyş edip başlaýar. Onuň polýak dilinde Täze ýyl agşamyna bagyşlanan konsertde aýdan ilkinji «Gyzyl awtobus» aýdymy köpleriň göwnünden turýar. Şondan soň Edita Pýehanyň ilkinji plastinkalary çykyp başlaýar.