Sagdyn ene — bagtly ene

31 Oktýabr 2024
416

Ene bolmak zenan maşgala üçin uly bagt hem belent borçdur. Şol sebäpli-de, maşgala ojagyny abat hem-de abadan saklamakda, perzentlerini dogry terbiýeläp ýetişdirmekde enelere aýratyn uly paý düşýär. Öý-ojagyň bagtdan pürepür bolmagy gönüden-göni enäniň yhlasyna baglydyr. Birek-birege bolan mähir-söýgi, düşünişmek, sazlaşykly gatnaşyk maşgalanyň, şol sanda çaganyň bagtyýar bolmagyna ýardam edýär.

Durmuşymyzda «çaga» bilen «ene» sözüniň hemişe diýen ýaly bile getirilmeginde hem uly many bar. Hamyla zenan heniz çaga göwresindekä özüni ene hökmünde duýup başlaýar. Onuň her bir hereketinden, her bir sözünden täze durmuşyň alamatlary duýulýar. Şeýle döwürde geljekki enäniň sagdyn perzendi dünýä indermegi üçin onuň dogry iýmitlenmeginiň zerurdygyny bilmegi, özüne-de, perzendine-de peýdalydyr. Daşary ýurtly perinatal lukmanlaryň dowamly geçirýän barlaglarynyň netijesinde çaganyň entek ene garnynda wagtynda öz ejesiniň duýýan zatlaryny duýýandygyny subut etdi. Şundan ugur alyp, geljekki ene özüne doly erk etmelidir. Bu babatda, esasy orun pikir we duýga degişli bolup durýar. Ene garnynda ýatan çaganyň görmäge, eşitmäge, gynanmaga, hatda käbir zatlary öwrenmäge-de ukyplydygyny nazara alsak, onda geljekki ene özüne hemmetaraplaýyn esewan bolup, içki we daşky dünýäsini berk gözegçilikde saklamalydyr. Dünýä meşhur kompozitorlaryň terjimehalynda olaryň öň notasy bilen bir gezek hem tanyş bolmadyk pýessalarynyň sazyny ýüzüniň ugruna çalyp bilendikleri hakynda aýdylýar. Bu täsin ýagdaýyň syry gözlenende bolsa, kompozitor entek ene garnynda ýatyrka, ejesiniň şol sazy köp diňländigi bilen belli bolýar. Netijede, ene bolmaga taýynlanýan zenan mawy ekranyň öňünde oturyp, dünýäniň çar künjündäki wakalary teswirleýän habarlara däl-de, sungat eserlerinden söz açýan göwün açyjy gepleşiklere tomaşa etse, ruhy lezzet almak bilen birlikde, geljekki perzendiniň sungat ussady bolup ýetişmegine hem täsir edip biljek ekeni.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.