Meşhur teatr
Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän «Fridrihştad-Palast» teatry 1984-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Ol häzirki wagta çenli birnäçe gezek durky täzelenip, iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Ýurduň iň uly teatry hasaplanýan bu ýerde bir wagtyň özünde 1895-e golaý tomaşaçy ýerleşýär. Ýewropada iň köp syýahat edilýän ýerleriň biri hasaplanýan teatr 2020-nji ýylda taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alyndy. Beýikligi 110 metre, umumy tutýan meýdany 195 müň inedördül metre barabar bolan desgada dünýä meşhur sahna oýunlary görkezilýär.