Kadaly ekiş — göwnejaý gögeriş

22 Oktýabr 2024
318

Babadaýhan etrabynyň Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň 14-nji toparynyň gallaçy kärendeçileri şu ýylda 165 gektar meýdanda ýokary hilli güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde toparyň ekerançylyk meýdanlarynda däne ekişini geçirmegiň depgini barha artýar. Tejribeli mehanizatorlaryň tagallalary bilen ekiji tehnikalar gije-gündiziň dowamynda saz we bökdençsiz işledilýär. Bu bolsa, kärendeçileriň galla ekişini bellenilen möhletde tamamlamagyna mümkinçilik berýär.

— Gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde ekiş möwsümi bilen baglanyşykly işlerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Galla ekişiniň geçirilen ýerlerinde gögeriş suwlary tutulýar. Ekerançylygyň talaplaryndan ugur alyp, gögeriş suwunyň tutulyşynyň siňňitli bolmagyny ýola goýýan gallaçylaryň ekin meýdanlarynda kadaly gögeriş gazanylýar. Häzirki wagtda gögeriş gazanylan meýdanlaryň möçberi 50 göterime golaýlaýar. Işine tutanýerli çemeleşýän kärendeçileriň arasynda Artykmyrat Ataýew, Akmyrat Aýdogdyýew, Enegyz Muhammetmyradowa ýaly kärendeçileriň bardygyny aýratyn bellemek bolar—diýip, 14-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Guwançmyrat Saryýew aýdýar.

Şasoltan GURBANNYÝAZOWA,
öz habarçymyz.