Türkmenistanda brusellýozyň epidemiologiki aýratynlyklary

22 Oktýabr 2024
287

Кemal МАWLANOW, Мaýa АŞYROWA, Amanmyrat ŞÜKÜROW
Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň ýokanç keseller kafedrasy

Brusellýoz – haýwanlardan adamlara geçýän zoonoz ýokançlaryna degişli bolup, bedeniň dürli agzalaryna ulgamlaýyn zeper ýetirýän ýokanç keseldir. Bu ýokanç zoonoz keselleriň has ýaýran görnüşi bolup, dünýäde her ýyl 500 000-den köpräk adam ejir çekýär. Brusellýoz Günbatar Aziýada, Hindistanda, Ýakyn Gündogarda, Günorta Ýewropada (Italiýada, Ispaniýada, Gresiýada we Fransiýada) we Latyn Amerikada has köp ýaýrandyr. Keseliň esasy sebäbi Bruselea melitensis mikrobedenjigi bolup, ol Awstraliýada, Kanadada, Israýylda, Ýaponiýada, Täze Zelandiýada ýok edilendir [1-3].