Fransiýanyň lezzetleri «Dejavuda»

20 Oktýabr 2024
387

Gözelligiň, näzikligiň, söýginiň ýurdy hasaplanylýan Fransiýanyň sungata öwrülen aşhanasy indi paýtagtymyzda hem bar. Bu restoranyň işiniň şu ýyl ýola goýlandygyna seretmezden, Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň aglabasy «Dejavu» hakynda eşidendirler. Bu ajaýyp ýer barada diňe bir eşitmek ýeterlik bolman, eýsem, ol ýere baryp görmek, fransuz tagamlaryndan dadyp, skripkanyň şirin mukamlaryndan ganyp gaýtmak has göwnejaýdyr.

Aşgabat şäheriniň 10-njy kiçi etapçasynyň «Dagbaşy» binasynda ýerleşýän «Dejavu» restorany fransuz tagamnamasy bilen çäklenmän, bu ýer müşderiler üçin ýörite taýýarlanylýan romantik agşamlary, ýokary derejeli hyzmatlary, oňaýly atmosferasy, iş naharlary, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly şertleri bilen tapawutlanýar. Restoranyň ýüregi hasaplanylýan aşhanasynda bolsa ökde, tejribeli aşpezler işine uly üns we söýgi bilen çemeleşýärler. Ady agzalýan restoranyň tagamnamasynda adaty fransuz naharlary, şeýle hem möwsümleýin önümlerden taýýarlanylýan nusgawy tagamlar bar. Şeýle-de «Dejavuda» pasla görä aşhananyň tagamnamasynyň täzelenip durýanlygy onuň özboluşlylygyny alamatlandyrýar. Bulardan başga-da restoranyň tagamnamasynda çorbalar, etden we dürli ösümliklerden taýýarlanylýan tagamlar, işdäaçarlar, süýjülikler hödürlenilýär. Deňiz we balyk önümlerine uly ornuň degişlidigi hem bellärliklidir.