Ýürek infarktyny ir anyklamak üçin çip döredildi

20 Oktýabr 2024
253

Jon Hopkins uniwersitetinden amerikaly alymlar ýürek infarktyny gan seljermesi boýunça birnäçe minutda anyklaýan elektron testi işläp taýýarladylar. Ylmy gözleg «Advanced Science» ylmy žurnalynda neşir edildi.

«Infarktdyr» diýlip güman edilýän adamlara, adatça, diagnozy tassyklamak üçin birnäçe test bellenilýär. Bu ýagdaý bäş minutyň içinde ýürek işjeňligini ölçemek üçin elektrokardiogrammadan başlaýar. Soňra infarktyň alamatlaryny ýüze çykarmak üçin gan seljermesi geçirilýär, bu barlaghana işi azyndan bir sagat wagt alýar we köplenç, ony gaýtalamaly bolýar. Alymlaryň oýlap tapyşy nano-gurluşly üsti bolan mikroçipe esaslanýar, bu üste gan nusgasy çalynýar.

Taýýarlan: Jemal JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.