Gijeki görüş peselende...

19 Oktýabr 2024
394

Gözüň torly perdesiniň pigmentli abiotrofiýasy nesil yzarlaýan kesel bolup, ol torly perdäniň taýajyk gatynyň distrofiýasy (bedendäki süýümleriniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy netijesinde keselleriň ýüze çykmagy) bilen bilelikde geçýär.

Ilkinji gezek abiotrofiýanyň alamatlary 1857-nji ýylda alym Doners tarapyndan beýan edilipdir. Mälim bolşy ýaly, torly perdäniň düzüminde iki sany duýgur reseptor öýjügi bar. Kolbajyklar, esasan, görüş ýitiligine, şeýle hem, reňkleriň kabul edijiligine jogap berýär. Taýajyklaryň ýeterlik bolmadyk yşyklandyryşda görşüň saklanylmagyna jogap berýär, ýagny gijeki görşe jogap berýär.

Maýsa NAZGYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň oftalmolog lukmany.