Sakar

16 Oktýabr 2024
462

Jeýhun boýlarynda döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän gadymy oba-kentleriň ençemesi bar. Şolaryň biri-de Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän Sakar şäheridir. Ol welaýat merkezinden 25 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýär.

«Sakar» adalgasynyň döreýşi barada dürlüçe garaýyşlar bar. Alym Soltanşa Atanyýazow «Sejere (Türkmeniň nesil daragty)» atly kitabynda bu sözi türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanylýan saklaryň ady bilen baglanyşdyryp, sak we ar (gadymy türkmen dilinde köplügi aňladýan goşulma), ýagny, «sak ili», «saklar» diýen manyny berýär diýip düşündirýär. Maglumat berlişine görä, sakarlylaryň bir topary XIX asyrda goňşy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky Gyzylçäge diýen ýere göçüp gidipdir. Olaryň gelmegi bilen Gyzylçäge ady üýtgedilip, Sakarçäge diýlip atlandyrylyp başlanypdyr we bu etrabyň ady emele gelipdir.

Ýazly SEÝIDOW,
mirasgär.