Söwüt

8 Oktýabr 2024
547

Geçmişde adamlar ekerançylykdan diňe bir azyk önümlerini öndürmän, hojalyk, durmuş maksatly önümleriň hem köp sanlysyny öndüripdirler. Olara mysal edip, suw gaby hökmünde ulanylan suw kädini, şeňňil kädini, gyjak kädini, oýunjak kädini görkezmek bolar. Diňe bir ösümlikler däl, agaçlaryň hem köp sanlysy hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylypdyr.

Hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylan agaçlaryň arasynda söwüt öňdäki orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ekilýän söwüt agajy geçmişde has köp ulanylýan agaçlaryň biri bolupdyr. Işlemäge ýumşak hem-de ýeňil bolandygy üçin adamlar ony köp babatlarda ulanypdyrlar. Türkmen ak öýleri tutuşlygyna söwütden ýasalypdyr. Arabalaryň süňňi, eýer, gaňňa, arabaeýer hem söwütden edilipdir.

Feruza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.