Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmeklige, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki 79-njy belgili ulanyş maksatly guýudan gaz kondensatynyň senagat akymyny almagy başardylar.
Öňde goýlan anyk wezipelerden ugur alyp zähmet çekýän Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Nury Maşadow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparynyň bu üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna toý sowgady boldy. Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bolan 79-njy belgili ulanyş guýynyň 6 müň 642 — 6 müň 648 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Geçirilen synag işleriniň netijesinde bu baýlyklar käninden senagat ähmiýetli gaz kondensat akymynyň alynmagy Uzynadanyň nebitgaz gorunyň has ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ZJ-70-DB kysymly buraw desgasy ulanyldy.