Hatyra güni mynasybetli syýahat guraldy

4 Oktýabr 2024
382

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Hatyra güni mynasybetli Änew şäheriniň golaýyndaky Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Ýaşlar guramasynyň işgärleri, işjeň agzalary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany we olaryň eziz topragymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bu syýahatyň ähmiýeti uly boldy. Ýaşuly nesliň gadymy Änew topragynyň baý taryhy, şeýle-de “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy hakyndaky gürrüňleridir rowaýatlary uly gyzyklanma bilen diňlendi. XV asyrda bina edilen, asyrlarboýy jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärlikler toplumynyň binagärlik gurluşy syýahata gatnaşan ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.