Ýurdumyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.