Türkmen taryhynyň giňden wagyz edilmeginde muzeýleriň orny

4 Oktýabr 2024
323

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak boýunça kabul edilen «Medeniýet hakynda» we «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary uly ähmiýete eýedir. Häzirki däwürde arheologik tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar uly üstünliklere beslenýär.

Türk­me­nis­tan­da mu­zeý işi­ni ös­dür­mek we mu­zeý­le­riň hal­ky­my­zyň me­de­ni dur­mu­şyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýur­du­myz­da mu­zeý işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň mu­zeý­le­ri­niň ta­ry­hy­ny öw­ren­me­gi we mu­zeý işi­ni kä­mil usul­lar­da gu­ra­ma­gy we­zi­pe edip goý­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2009-njy ýy­lyň 14-nji ma­ýyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li mu­ze­ýi Türk­me­nis­ta­nyň Baş mil­li mu­ze­ýi ady bi­len he­re­ket edip baş­la­ýar.