Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirilip, oňa bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler, umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlendi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna şöhratly sahypa bolup girjek döwletli maslahatda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da gülledip ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.