Ýoluňyz ak bolsun!

27 Sentýabr 2024
427

Günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň uzak ýaşamagyny, howpsuz ömür sürmegini gazanmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş maksady bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk 2024-nji «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly guramaçylyk bilen geçirilip, tamamlanyp barýar. Nurana ýollarymyzyň abatlygyny, buýsançly halkymyzyň rahatlygyny üpjün edýän bu ählihalk çäre sentýabr aýyny öz içine alýar. Raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz şertleri döretmekde we ýol hereketini sazlaşykly guramakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän her bir tutumly, maksatnamalaýyn işlere gyzgyny bilen seslenip, mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralan biraýlygyň çäklerinde etrabyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Gubadag şäheriniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň işgärleri bilen bu ugurda uly işleri alyp barýar. Etrabyň gatnawly ýollarynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça gözegçilik çäreleri, çagalar edaralarynda, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň, oba adamlarynyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş, öňüni alyş işleri uly guramaçylyk bilen yzygiderli geçirilýär.

Biraýlygyň dowamyndaky çärelerde ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de bu ugurdaky bilýänlerini artdyrmak bilen bagly düşündiriş işleri geçirilýär. Döwlet ähmiýetli möhüm çäräniň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly, täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän aladalaryň biridir.

Sapargül REJEPOWA,
TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.