Raýatlyk pasportlary gowşuryldy

26 Sentýabr 2024
344

Welaýat häkimliginde ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar ýokary ruhubelentlikde geçen dabarada raýatlyk pasportlaryny ýüzlerine sylyp, uly buýsanç bilen kabul  etdiler. Dabarada çykyş edenler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna tutumly işleriň alnyp barylandygyny, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylygynda adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goragyna aýratyn üns berilýändigini, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň rowaç bolýandygyny, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportlarynyň gowşurylmagynyň ynsanperwerligiň belent nusgasydygyny aýratyn buýsanç bilen belläp geçdiler hem-de adamlaryň abadan we eşretli durmuşy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Muhammetmyrat Öwezow,
«Balkan».