Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: – Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr

26 Sentýabr 2024
411

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ga­dym­dan gel­ýän mil­li däp­le­rin­den, hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň de­mok­ra­tik ka­da­la­ryn­dan ugur alyp, jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we dür­li ne­sil­le­riň we­kil­le­ri – ta­lyp­lar, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga ça­gy­ryl­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar.
Soň­ra we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň pre­zi­diu­my saý­la­nyl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­la­ry we ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­ny Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de hem­me­le­re berk jan sag­lyk, mer­da­na türk­men hal­ky­na gül­läp ösüş, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw edip, fo­ru­myň we­kil­le­ri­niň mej­li­siň gün ter­ti­bi, se­re­dil­jek so­rag­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Şeý­le-de, mil­li Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­ne hö­dür­le­nen so­rag­lar we res­mi­na­ma­lar bo­ýun­ça tek­lip­le­riň, bel­lik­le­riň bar­dy­gy ýa-da ýok­du­gy bi­len gy­zyk­lan­dy.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da we do­ly ma­kul­la­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­la­nyl­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş edip, be­ýik türk­men şa­hy­ry we Gün­do­ga­ryň akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ge­çen şöh­rat­ly ýo­lu­ny, de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny be­ýan et­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ýe­ne-de san­ly­ja gün­den ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de, giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ga­raş­syz­lyk mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň we eziz Wa­ta­ny­my­zyň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­me­gi­dir. Äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň, be­ýik ösüş­le­ri­mi­ziň aý­dyň ýo­lu­dyr di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hor­mat­ly Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler giň ge­ri­mi hem-de tä­ze­çil­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu öz­gert­me­ler döw­let hem jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýar. Ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty ata Wa­ta­ny­my­za be­lent söý­gü­si bi­len ýa­şa­ýar we yh­las­ly zäh­met çek­ýär. Aba­dan­çy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na döw­let ada­ma, adam bol­sa döw­le­te gul­luk ed­ýär. Mu­nuň özi «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen tag­ly­ma­ty­my­zyň esa­syn­da alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip, Gahryman Arkadagymyz sö­zü­ni do­wam et­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gal­ky­nyş­la­ra, şöh­rat­ly wa­ka­la­ra baý ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup ta­ry­ha gir­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň işi ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni hem-de je­bis­li­gi­ni has-da ber­kit­mä­ge ýa­kyn­dan gat­naş­ýan­dy­gy­ny, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bu ka­da­sy ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Ra­ýat­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, hä­ki­mi­ýet bi­len hal­kyň mi­ze­mez bi­te­wü­li­gi bol­sa döw­let dur­mu­şy­nyň bin­ýa­dy, kä­mil jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz­da hä­ki­mi­ýet bi­len hal­kyň, döw­let bi­len jem­gy­ýe­tiň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da ta­gal­la edil­ýär di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di we bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di.
Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi­lik, wa­gyz-ne­si­hat, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi gol­da­mak ba­bat­da ýer­ler­de alyp bar­ýan iş­le­ri, oba zäh­met­keş­le­ri bi­len ge­çir­ýän çä­re­le­ri ag­zy­bir­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­ma­ga, mil­li bi­te­wü­li­gi­mi­zi ber­kit­mä­ge, wa­tan­sö­ýü­ji ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly ýar­dam ber­ýär. Eden işi nus­ga­lyk, pa­ra­sat­ly go­ja­la­ry­myz, ene­le­ri­miz hal­ky­my­zyň gu­wan­jy hem buý­san­jy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, eziz Wa­ta­ny­my­zy ýü­rek­den söý­me­gi, ata-enä hor­mat goý­ma­gy, ha­lal ýa­şa­ma­gy ün­de­ýän ýa­şu­ly ne­sil­le­ri­mi­ze hor­ma­ty­myz örän ulu­dyr di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.
Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň Ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry bu gün do­ly ha­syl bol­dy. Bi­ze pe­der­le­ri­mi­ziň be­lent hem-de asyl­ly ar­zuw­la­ry ha­ky­ka­ta öw­rü­len pa­ra­hat, asu­da, ber­ka­rar ýurt­da ýa­şa­mak we dö­ret­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Ne­sip bol­sa, gel­jek­de has-da uly iş­le­ri ama­la aşy­ryp, kuw­wat­ly kär­ha­na­la­ry, önüm­çi­lik mer­kez­le­ri­ni, tä­ze, döw­re­bap şä­her­le­ri, şä­her­çe­le­ri­dir oba­la­ry gu­ra­rys. Ata Wa­ta­ny­my­zyň gör­kü­ni has-da gö­zel­leş­di­re­ris. Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mak­sa­da ok­gun­ly iş­le­ri bi­len yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let hök­mün­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­ni ga­za­na­rys di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz yk­dy­sa­dy ösü­şiň her bir ýur­duň dur­nuk­ly öňe git­me­gi­niň mö­hüm şer­ti­di­gi­ni aý­dyp, bi­ziň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­ra­tyn buý­sanç bi­len bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri adam ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni; äh­li pu­dak­lar­da zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny; yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň iş­jeň dep­gi­ni­ni; adam ma­ýa­sy­nyň hem-de yl­my-teh­no­lo­gik ösüş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni; dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň hem-de kuw­wat­ly döw­le­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Şeý­le bo­lan­soň, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak hem­mä­mi­ziň esa­sy we­zi­pä­miz bo­lup dur­ýar.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy çy­ky­şy­ny do­wam edip, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet bi­len berk bag­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Al­tyn güý­züň il­kin­ji gü­nün­de – Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de ýur­du­myz­da tä­ze, döw­re­bap or­ta mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry da­ba­ra­ly açyl­dy. Bi­rin­ji syn­pa ka­bul edi­len okuw­çy­la­ryň 155 müň 641-si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len komp­ýu­ter­ler sow­gat hök­mün­de gow­şu­ryl­dy. «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da bi­lim işi­ni hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk kä­mil­leş­dir­mä­ge ba­dal­ga be­ril­di. Gel­jek­de hem ýur­du­myz­da döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry gur­lup, yl­myň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­kez­le­ri dö­re­dil­se mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip ha­sap ed­ýä­rin di­ýip, Gahryman Arkadagymyz nyg­ta­dy we dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy uni­wer­si­tet­le­ri­niň sa­na­wy­na gir­ýän bi­le­lik­dä­ki ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ýa-da ola­ryň şa­ham­ça­la­ry açyl­sa, ýaş­la­ry­myz üçi­nem, jem­gy­ýe­ti­miz üçi­nem bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly me­se­le dog­ru­syn­da-da du­rup geç­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň hem-de umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy; sag­ly­gy se­bäp­li müm­kin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri kä­mil­leş­dir­me­gi, olar bi­len iş­le­ýän pe­da­go­gik iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy; ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ylym-bi­lim-önüm­çi­lik ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň kä­mil usu­ly­ny dö­ret­me­gi; ýaş ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, däp-des­sur­la­ry­my­za buý­sanç ru­hun­da, yn­san­per­wer ka­da­la­ry­myz esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek üçin meş­hur şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni ebe­di­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy; müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ede­bi­ýa­ty­my­zy, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy tä­ze na­za­ry­ýet esa­syn­da düýp­li öw­ren­me­gi hem-de yl­my taý­dan be­ýan et­me­gi; Arkadag şä­he­ri­niň dün­ýä­niň ylym-bi­lim mer­ke­zi hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dy­ryp, şä­her­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my, or­ta asyr­lar, tä­ze we iň tä­ze ta­ry­hy­ny, ar­heo­lo­gik, bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­ny öw­ren­ýän hem-de wa­gyz ed­ýän hal­ka­ra yl­my-bar­lag mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi mö­hüm ha­sap ed­ýä­rin di­ýip, Gahryman Arkadagymyz bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, tä­ze döw­rüň ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri has-da gi­ňel­dip, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-bi­lim müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şo­ňa gö­rä-de, şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li top­lum­lar­da ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek tek­lip edil­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň yk­dy­sa­dy ug­ru­na de­gip ge­çip, ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň daş-tö­we­rek­le­rin­de, we­la­ýat­lar­da to­kaý zo­lak­la­ry­nyň, Ha­za­ryň ke­na­ryn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň, Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň gu­rul­ma­gy­nyň, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan beý­le­ki iş­le­riň ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şä­her­dir oba­la­ry­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek me­se­le­si­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» ka­bul et­me­gi ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn. Bu Kon­sep­si­ýa iş üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de, hu­su­san-da, Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­mak­da mö­hüm ädim bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy aýt­dy.
Ma­li­ýe ba­za­ry­ny ös­dür­mek, te­le­ke­çi­li­giň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni we usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak hem döw­rüň ta­la­by­dyr. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň berk bin­ýa­dy bo­lan pul-karz, wal­ýu­ta, ma­li­ýe, sal­gyt-býu­jet ul­gam­la­ry yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de, azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, döw­re­bap se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny, şä­her­dir oba­la­ry gur­mak­da te­le­ke­çi­le­ri­miz uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gahryman Arkadagymyz 2030-njy ýy­la çen­li ma­li­ýe ba­za­ry­ny ös­dür­me­giň Stra­te­gi­ýa­sy­nyň, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­ni, şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zy ýo­ka­ry dep­gin­de ös­dür­me­giň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­me­gi­ni mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di.
Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň gel­jek ýyl­da ge­çi­ril­jek mej­li­si­ne 2026 – 2052-nji ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni; döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy­ny; san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti; ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny; me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny; yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny; ýo­ka­ry bi­li­mi ös­dür­me­giň Stra­te­gi­ýa­la­ry­nyň; in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň; 2030-njy ýy­la çen­li be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny hö­dür­le­me­gi tek­lip et­di.
Biz gel­jek, 2025-nji ýyl­da şan­ly se­nä­ni – Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny hal­ka­ra de­re­je­de giň­den bel­läp ge­çe­ris di­ýip, Gahryman Arkadagymyz sö­zü­ni do­wam et­di we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni ýat­lat­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, biz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­jek Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da dün­ýä­de hyz­mat­daş­ly­gy hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gy äh­lu­mu­my we­zi­pe ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.
Mer­da­na hal­ky­my­zy be­ýik iş­le­re gal­kyn­dyr­mak­da hem-de je­bis­leş­dir­mek­de ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ra­ýat­la­ry­my­zy tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, hä­kim­lik­le­riň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­le­ri­ni saz­la­şyk­ly do­wam et­dir­me­li. Bi­ziň esa­sy we­zi­pä­miz hal­ky­my­zyň eg­sil­mez güý­jü­ni ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri nyg­ta­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de Ar­ka­dag şä­he­ri­ni ös­dür­mek, onuň ikin­ji tap­gy­ry­ny gur­mak bi­len bag­ly iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Ýur­du­myz­da, şol san­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne, se­na­gat we önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Şä­her­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Bi­ziň ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri­miz ra­ýat­la­ry­my­zyň, ça­ga­la­ry­my­zyň, ag­tyk-çow­luk­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.
Şu ýy­lyň mar­tyn­da yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ry gol­dan­ýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň üç ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­dik. Ga­raş­syz ýur­du­myz­da gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na köp san­ly ça­ga­nyň sag­ly­gy di­kel­dil­di we bu yn­san­per­wer işi biz gel­jek­de-de do­wam et­di­re­ris.
Wa­tan mu­kad­des­dir, onuň ha­ty­ra­sy­na ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler hem mu­kad­des­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ne, be­dew bat­ly ösü­şi­ne da­hyl­ly her bir işe ýü­rek­den ýa­pyş­ma­ly­dy­rys. Bi­le­lik­de yh­las­ly zäh­met çe­kip, eziz Di­ýa­ry­my­zy has-da beý­gelt­jek tu­tum­ly iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ly­dy­rys di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da aýt­dy we fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra hem-de hal­ky­my­za berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar hem aba­dan dur­muş ar­zuw et­di.