Eşretli ýaşaýşymyz — bagtly geljegimiz

24 Sentýabr 2024
314

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Döwletiň we raýatyň milli kanunçylyk ulgamyna esaslanýan gatnaşyklarynyň aňly-düşünjeli, döredijilikli, sazlaşykly bolmagy, hukuk kadalarynyň çygrynda düzgünleşdirilmegi, şeýle-de onuň ahlak hem-de umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşlerini häsiýetlendirýän esasy alamatlaryň biri bolup durýar.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Ogulsapdy ARAŞEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.