Dünýä nusgalyk tagallalar

23 Sentýabr 2024
453

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasyndaky günlerde hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Ak mermerli paýtagtymyzda dünýäniň abraýly bilermenleriniň, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň hem-de onuň bilen ugurdaş serginiň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň, şeýle-de «Hi-tech Türkmenistan 2024» atly serginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda diňe bir goňşy Owganystanda däl, eýsem, tutuş sebitde sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge goşant goşjak möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly wakalar bolsa buýsanjymyzy artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda has-da rowaçlanýar. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyşy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, «Türkmenistan— Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralarynyň geçirilmegi ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri boldy. Olara hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy şatlykly wakalaryň dabarasyny has-da artdyrdy. Bu iri taslamalar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, doganlyk halklaryň gatnaşyklarynyň has-da berkemegine kuwwatly itergi berer.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.