Halk Maslahaty il-ýurt bähbitli maksatlardan ugur alýar

23 Sentýabr 2024
365

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli her bir başlangyjy özüniň ýokary netijesini berýär. Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berler. Onda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen, mejlisde garalýan meseleleriň döwlet derejesinde ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitler diňe bir döwlet derejesinde gazanan üstünligimiz bolman, eýsem, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän hem-de döwletlerdir halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Muhabbet AZZIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti.