«Gara altynyň» bol akymy alyndy

11 Sentýabr 2024
358

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynda göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe nebit-gazly käninde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada hut ýaňy-ýakynda 403-nji belgili ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň tejribeli ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ — 70 — DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamada bellenilen möhletinden 40 gün öň tamamlamagyň hötdesinden geldiler.

Taslama çuňlugy 4 müň 500 metre deň bolan bu täze guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 4359 — 4356 metr hem-de 4350 — 4345 metr araçäklerinde degişli özleşdirme işleri geçirilip, «gara altynyň» bol akymy alyndy. Tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan bu täze guýy «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu hazynalar ojagynda gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýan guýularyň sany 12-ä ýetýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny mynasyp sowgatly garşylamagy maksat edinýän burawlaýjylar ýakyn günlerde olaryň dördüsini önümçilikçilere tabşyrjakdyklaryna pugta ynanýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).