Mugallymyň bagy

21 Awgust 2024
639

Halkymyzyň arasynda bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlara hemişe hormat-sarpa goýulýar. Zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn derini ene topragymyza siňdirip ýetişdiren ir-iýmişleridir miweleriniň hasabyna bazar bolçulygy, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Bu gün bag ekmek ýaly sogaply işe dürli kärde zähmet çekýän ynsanlar hem baş goşýarlar. Olaryň çekýän gaýratly zähmeti netijesinde, ene topragymyzda bişip ýetişýän miweleriň görnüşleri-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar.

Şeýle asylly işe baş goşanlaryň biri-de Baýramdurdy Atabaýewdir. Ol käri boýunça mugallym. Baýramdurdy mugallym birnäçe ýyl mundan öň ýanýoldaşy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşat Annamädowanyň kärende ýeriniň bir bölegini bagçylyga öwürmegi ýüregine düwdi. Mugallymyň bu pikirini daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, oba adamlary goldadylar. Zähmetsöýer mugallym tiz wagtda ýeri bag nahallaryny ekmäge taýýarlady, erik, şetdaly, garaly, ülje, beýi, alma, armyt nahallarynyň hersinden onlarça düýbüni göni hatarlar boýunça belli çäk aralygynda oturtdy, wagt tapdygy, yhlas bilen olaryň idegini ýetirdi.