Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe uly üns bermeginiň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda geljekki nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, çölleşmä garşy göreşmekde, ähli ulgamlarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde alnyp barylýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň gözelliklerini goramak babatda dine bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejede hem nusga alarlyk işler amala aşyrylýar. Döwletimiz ekologiýany goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.