Çaga – durmuşymyzyň güli, röwşen geljegimiziň eýesi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýagty ertirimiziň dowamaty bolan eýjejik çagalarymyzyň bagtyýarlykdan balkyldaýan gözlerinde, şadyýan ýaňlanýan gülki seslerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň nurly kuýaşy bar. Ynha, şu gün – 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär» diýen dürdäne sözleri ýurdumyzda körpe nesil baradaky üns-aladanyň dowamlydygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy.