Daý­ha­nyň he­re­ke­di – saçaklaryň be­re­ke­di

8 Awgust 2024
548

Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem öz zähmeti bilen abraý gazanýar. Ata-babalarymyzyň «Adam eli — gyzyl gül» diýmegi hem ýöne ýerden däl. Çünki yhlas bilen çekilen zähmet öz miwesini berýär, yhlasly zähmet siňen işde kem-köst bolmaýar. Muňa oba zähmetkeşleri aňryýany bilen düşünip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalygyny ösdürmek üçin berýän hemaýat-goldawyndan peýdalanyp zähmet çekýärler. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Durmuşa geçirilýän şeýle giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».