Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym...

2 Awgust 2024
717

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýagty, parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy baradaky hoş habar bizi ýyldyzlar äleminiň syrly dünýäsine gaýybana syýahata alyp bardy.

Eýsem-de, biz asman bezegi bolan ýyldyzlar barada nämeleri bilýäris? Gijeligi aýdyňlyga öwrüp, şöhle saçýan ýyldyzlar bilen bagly halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürden ýaýran yrym-ynançlar bar. Ýyldyzlaryň tebigata, ynsan täleýine edýän täsirleri halk döredijiligidir gadymy dessanlarymyzdan hem aýan. «Bagt ýyldyzy» «Umyt ýyldyzy», «Ýyldyza toýnak salmak», «Ýyldyzy gowuşmak», «Ýyldyzlar näme diýýär?» ýaly asman jisimleri bilen bagly jümleler, megerem, halkymyzyň ýyldyzlaryň ylahy güýjüne bolan ynam-ynançlaryndan dörändir. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 topara bölünip, olaryň hersiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna «Arkadag» diýlip atlandyrylan ýyldyz hem Pegas ýyldyzlar toparyna degişli.

«Zenan kalby».