Magtymguly, öwüt bergil söz bile

2 Awgust 2024
701

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň seleňläp, gol ýaýyp oturan eteginde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli açylan «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumyna baryp, Gündogaryň beýik danasynyň heýkelini synlap durşuňa, onuň kalbyňa mähir mukamy bolup ýazylan goşgy setirleri seriňe dolýar. Sebäbi şygyrlaryň her setiri filosofiki pikirlere, öňdengörüjilige, pähim-paýhasa, nesihatdyr wesýetlere baý. Ajaýyp heýkele tagzym edip durşuňa, çagalyk döwrümizde dana şahyryň şygyrlaryndaky parasatly pikirleri, öwüt-ündewleri pederlerimiziň aňymyza guýuşlary, käbir adamlaryň söz ussadynyň ähli şygyrlaryny ýatdan bilişlerine haýran galyşymyz biygtyýar göz öňüňe gelýär. Şol ýyllarda eşiden gürrüňleriň aň eleginde elenene dönýär. Olary töwerek-daşyň bilen paýlaşmaga howlugýaň.

Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň üsti bilen öňe süren pikirlerini içgin öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşary ýurt diline terjime edip, uzak ülkelerdäki dostlarymyza ýetirmegi, ony dünýä ýüzüne ýaýmagy maksat edinen ynsanlaryň biri-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakowdyr.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».