Akyldar türkmen kino sungatynda

2 Awgust 2024
669

1968-nji ýylda meşhur sungat ussady Alty Garlyýew «Magtymguly» çeper filmini döretdi. Alty Garlyýewiň Magtymguly Pyraga bolan gatnaşygy barada ýörite aýtmalydyrys. Ol Magtymgulyny tükeniksiz ruhy älem hasaplaýardy, ony irginsiz okaýardy, öwrenýärdi, ony il-gününe has giňden tanatmagyň arzuwynda gezýärdi. «Altynyň ýassygynyň aşagynda mydama Magtymgulynyň şygyrlar kitaby bardy» diýip, oňa juda belet kärdeşleri gürrüň berýärler.

Alty Garlyýew bu ugurda iňňän kän çorba sowadýar, ýazýar, göwni ýetmän pozýar, ýene ýazýar... Ahyry uly söz ussady, dosty Berdi Kerbabaýew bilen awtorlykda «Magtymguly» operasynyň librettosyny döredýär. Ençeme ýyl geçse-de, Alty Garlyýew Magtymguludan ara açyp bilmeýär. Gaýtam, ol şahyryň syrly dünýäsine ymykly aralaşýar. «Magtymguly» filminde Magtymgulynyň keşbini janlandyrýan Hommat Müllük şeýle ýatlaýardy: «Alty aga maňa kyn, jogapkärli ýumşy tabşyrypdy. Men ony Alty Garlyýewiň ýakyndan hemaýaty, goldawy bilen alyp çykdym. Men şonda sungat ussadynyň Magtymgula niçiksi çuň düşünýändigine, halkymyzyň däbini, dessuryny iň maýdaja gyldyrganjygyna çenli ilik-düwme bilýändigine doly göz ýetirdim. Alty aga-da edil Magtymgulynyň özi ýaly, tüýs halkyň oglydy...»

Maral YHLASOWA,
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.